Şu günler ululy-kiçili hemmeleriň dilinde Jony. Jony (Djoni) – ýaş, ýöne eýýäm Russiýada adygan, tanymal bolan sazyň pop žanryndan çykyş edýän aýdymçylaryň biridir. Jony onuň lakamy, asyl ady Jahid Afrail ogly Guseýnli. Ony Russiýanyň meşhur aýdymçylary ANNA ASTI, HAMMALI & NAVAI, LEonid Agutin bilen ýerine ýetiren aýdymçlary bilen hem tanamak bolar.
Jony 1996-njy ýylyň 29-njy fewralynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde dünýä indi. Ol aýdymçy we köp sanly aýdymlaryň awtorydyr. Russiýanyň “NTW” kanalynyň “Maska” şou gepleşiginiň ikinji möwsüminiň ýeňijisidir.
Jony 4 ýaşynda wagty maşagalasy Moskwa göçüp gidipdir. Ol bilimi Russiýada alýar. Birinji synpdan aýdym-saza gyzyklanam bildirip, mekdebiň hor toparynda çykyş edýär. Ol 9-njy synpa baranda, aýdym-saz bilen çynlakaý meşgullanyp başlamagy ýüregine düwýär.
Ýaş aýdymçynyň kakasy onuň aýdym-saz bilen meşgullanmak baradaky başlangyjy goldamaýar. Ol oglunyň özüi ýaly işewür bolmagyny isleýär. Şonuň üçin Jony mekdebi tamamlandan soňra Moswkadaky Döwlet dolandyryş uniwersitetiniň Halkara işewürlik fakultetine okuwa girýär.
Jony magistraturany tamamlandna soňra kakasyndan aýdym-saz bilen çynlakaý meşgullanmak üçin oňa mümkinçilik bermegini soraýar.
ol uniwersitetde okan döwründe birnäçe aýdymlaryň sözlerini ýazyp, ony özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torunda ýaýradýar. Şondan soňra ony Elman Zeýnalow görüp, “RAAVA Music” toparyna çagyrýar.
Onuň “Alleýa” atly şekilli aýdymy “Youtube” platformasynda 100 million gezek tomaşa edilýär we artiste internetiň çäginiň daşynda hem meşhurlyk getirýär.
Onuň 2019-njy ýylyň sentýabr aýyndaky “Kometa” atly aýdymy meşhurlygynyň gerimini giňeldýär. 2020-nji ýylda onuň “Asman gülleri” atly albomy çykdy.
Jahid çagalyk döwründe “Joni Brawo” atly multfilmi gowy görüpdir. Şonuň üçin ejesi ony degişme äheňinde Jony diýip çagyrýan eken. Soňra aýdymçy mekdepde hem şeýle atlandyrylypdyr.
Ýaňy-ýakynda Jony Russiýada ýene-de bir abraýly baýraga eýe boldy. Ol “Altyn Grammofon” baýragynyň eýesi boldy.
“Altyn Grammofon” baýragy – Russiýanyň aýdym=saz ugrunyň esasy baýraklarynyň biridir. Ol “Rus radio” radiostansiýasy tarapyndan esaslandyryldy. 1996-njy ýyldan bäri her gün geçirilýär.
Her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda ýerli we daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda konsertler guralar. Üstümizdäki ýylda hem daşary ýurtly köp sanly aýdymçylar konsert bererler.
- 27.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy «Jony» lakamy bilen tanalýan Jahid Afrail ogly Hüseýnli, 19:00.
