SIZDEN GELENLER

Ulgam birligi

Kompýuteriň gurluşlary prosessor we operatiw ýat barada düşünje bu birnäçe ýyllar bäri ulanylyp gelýär. Kompýuteriň ähli gurluşlarynyň toplumyna onuň aparat üpjünçiligi diýilýär. Bu gurluşlaryň düzümi çözülýän meselä baglylykda üýtgedilip bilner.

Sistema blogy, monitor, klawiatura, syçan. Kompýuterlerimiziň howpsyzlygyny gazanmak üçin bolsa, antiwiruslar peýdalydyr. Elbetde bu üstünlikler häzirki zaman tehnologiýalar birligini düzmek bilen birlikde maglumat tehnologiýalarynyň hem uly bazasyny kompýuterde ýygnamaga uly mümkinçilik berýär.

Prosessor – kompýuteriň esasy gurluşy, beýnisi bolmak bilen hasaplamalary, programmalary ýerine ýetirýär. Bu gurluş informasiýalary işläp taýýarlamak üçin niýetlenendir.

Prosessoryň esasy häsiýetleri takt ýygylygy, razrýadlylygy, modelidir. Takt ýygylygy – prosessoryň bir sekundyň dowamynda ýerine ýetirýän taktlarynyň sanydyr. Dürli amallar bir we birnäçe taktlary eýeläp biler. Takt ýygylygy gers hasabynda ölçelýär.

Prosessoryň razrýadlylygy – onuň şol birwagtda işläp taýýarlaýan ikilik sifrleriniň(bitleriň) mukdarydyr. Häzirki zaman prosessorlarynyň aglabasy 32 bitlik ýa-da 64 bitlik razrýada eýedir. Kompýuteriň beýleki bir möhüm gurluşy –onuň ýadydyr. Ýat – informasiýalary saklamak üçin niýetlenen gurluşdyr. Informasiýalary saklamak üçin, ýadyň dürli görnüşleri ulanylýar. Operatiw ýat (operatiw ýatda saklaýjy
gurluş) – berlenleri we programmalary olaryň ýerine ýetirilýän wagty ýatda saklamak üçin niýetlenendir.

Operatiw ýatda saklaýjy gurluş bir bütewi ýere ýygnalan mikroshemalaryň ýygyndysyny öz içine alýar. Maglumatlaryň ýygnalyş usullary hakynda aýtmak üçin kompýuterde gerek bolan ähli enjamlary bar bolan bir ýere toplamak we programmirlemegiň iň ýokary derejesini üstünlik berýär.

Informasiýa göterijä ýazyp boljak informasiýanyň iň aňryçäk möçberine onuň sygymy diýilýär. Informasiýa mukdarynyň ölçeg birligi deregine baýt kabul edilendir. Informasiýa göterijileriň sygymy
aşakdaky birliklerde ölçelýär. Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklaýan gurluşlar. Gaty magnit disklerinde ýygnaýjylar, çeýe magnit disklerinde ýygnaýjylar. Optiki disklerde ýygnaýjylar. Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklamagyň möhüm gurluşy – informasiýany gaty magnit disklerinde ýygnaýjydyr, oňa winçester diýilýär. Ol üsti magnit örtükli, üstünde ýazýan we okaýan kellejik ýerleşen, aýlanýan diskleriň toplumydyr.

Akgözel Suwlyýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň

Umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün