DÜNÝÄ

Dünýäniň iň gysga boýly adamy

Ginnesiň rekordlar kitaby häzirki wagtda dünýäde ýaşap ýöreýän dünýäniň iň gysga boýly erkek adamy kesgitledi. Ol hem boýunyň uzynlygy 65 santimetre deňdir. Onuň häzirki “akylly” smartfonlary daşaýan döwründe kynçylyk çekýändigi mälim edildi.

Şu günler dünýäniň köp sanly jemgyýetçilik torlary Eýrandan gelip gowşan habarlardan doldy. Eýranyň demirgazygynda ýaşaýan Afşin Esmail Gharderzadeh Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

20 ýaşyndaky Gharderzadeh 65,24 santimetrlik boýy bilen iň gysga boýly adam hasaplanýar. Onuň agramy 6,5 kilograma deňdir.

Ol metbugata beren beýanatynda maksadynyň maşgalasyna kömek etmekden ybaratdygyny belledi. Dünýä jemgyýetçiliginde giňden tanalmagynyň maksadyny amala aşyrmaga goşant goşup biljekdigine ynam bildirýär.

Eýranyň raýaty Ginnesiň wekilleri bilen Dubaýda duşuşdy. Ginnesiň wekilleri onuň boýuny 24 sagadyň dowamynda 3 gezek ölçediler we netijede iň gysga boýly adam hasap edildi.

Mundan ozalky rekord Edward Hernandeze degişlidi. Onuň boýunyň uzynlygy 72 santimetre deňdir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar