Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Gazagystanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmek, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin syýasy, durmuş-ykdysady ugurlarda özgertmeleri amala aşyrandygyny kanagatlanma bilen belledi. “Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, açyklyk, birek-birege hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, işjeň ösdürilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda bolsa, Garaşsyzlyk ýyllarynda Gazagystanyň durmuş-ykdysady ösüşinde we halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanmagy başarandygy bellenilýär.
Gazagystan häzirki wagtda dünýäde mynasyp orny eýeleýär. “Bu gün Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklar ýokary depginlerde ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklaryň hem işjeň ösdürilýändigi bizi begendirýär. Olar biziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
