SIZDEN GELENLER

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Häzirki zaman ulag ulgamynyň döwletleriň, jemgyýetleriň, tutuş adamzadyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyz diňe tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary bilen dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekmän, eýsem, Ýewraziýanyň strategik üstaşyr geçelgelerini üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini amatly peýdalanmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan döwletimiz yklymyň esasy ýollarynyň, Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýär.

Eziz Diýarymyzdan birnäçe sebitlere, dünýä ummanyna çykalgalar bar. Döwletimiz tebigy taýdan döredilen bu şertlerden oňaýly peýdalanyp, öz geografik ýagdaýyny agzybir halkymyzyň eşretli durmuşynyň bähbitlerine gönükdirmegi maksat edinýär.

Halkara deňiz porty ýurdumyza şeýle hem goňşy döwletlere, Ýewropa ulag-logistiki gatnaşyklaryň giň geriminiň açylmagyna mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňzinde bar bolan tebigy baýlyklar meselesini hem-de ulag üstaşyr geçelgeleriň ýola goýulmagy dogrusyndaky halkara derejesinde amala aşyrylmaly işler babatda halkara forumlarydyr maslahatlar ýygy-ýygydan geçirilýär.

Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ata Watanymyzda ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen meseleler dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar hem şaýatlyk edýär.

Ýur­du­myz dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn deň­hu­kuk­ly hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň ös­dür­ýär. Aw­tou­lag, de­mir ýol we de­ňiz gat­naw­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek bi­len, «De­mir­ga­zyk – Gü­nor­ta», «Gün­do­gar – Gün­ba­tar» ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Ol Ýu­waş um­ma­nyn­dan Ha­zar deň­zi­ne we Ga­ra deň­ze çen­li, Ýew­ro­pa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­dan Hin­di um­ma­ny­na çen­li uly gi­ňiş­li­gi öz içi­ne al­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň bar­ha ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni hem-de bu ugur­da hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň gün ter­ti­bin­de iş­jeň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Mu­ňa go­laý­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da BMG-niň Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça ikin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty­na san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­ma­gy aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da ulag me­se­le­si bo­ýun­ça äh­lu­mu­my dia­lo­gy ýo­la goý­mak baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş edip, BMG bi­len bi­le­lik­de Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty Aş­ga­bat­da üs­tün­lik­li gu­ra­dy. 2016-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len äh­lu­mu­my fo­rum Dur­nuk­ly ösü­şiň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de hal­ka­ra ulag ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça giň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­di.
Umu­man, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ugur­da se­bit we dün­ýä äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry, tek­lip­le­ri öňe sür­ýär. Şo­nuň esa­syn­da da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de trans­mil­li ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Ulag ul­gam­la­ry­nyň bat­ly dep­gin­ler­de ös­dü­ril­me­gi tä­ze dur­muş-yk­dy­sa­dy şert­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne, işe­wür we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­me­gi­ne, goň­şy ýurt­lar, şeý­le hem dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri we halk­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ber­ke­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Oguljan Muhammetnyýazowa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

“Umumy tehniki dersler” kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir