Teatr sungaty asyrlar döräli bäri adamzadyň ünsüni özüne çekip gelýän sungat. Şeýle- de teatr ynsana iň çalt hem- de gaty täsir edip bilýän sungat hökmünde müňýyllyklardan Ewklidiň teatr hakdaky teoremasyndan başlap, şu günki döwrüň, sanly zamananyň, ýagny internet torunyň dünýäni “basyp alyp barýan”günlerine çenli gelýär.
Elbetde teatr sungatynyň ýaşamagy üçin tomaşaçyny bir ýere getirmek, ony sahnanyň öňündäki dördünji diwarda ýerleşdirmek, bu günki gün aňsat zat däl. Emma şeýle- de bolsa, asyrlar boýy jan çekilip edilen bu işler öz muşdaklaryny hemişe- de tapýar. Haçanda teatryň belli bir döwürleri içine alýan, ösüş zamanasynda hem adamlaryň başga gyzyklanýan zatlary hökman bolupdyr.
Emma teatryň hususylygy, tebigylygy, artistleri kinodaky ýaly ekran üsti bilen däl- de eýsem janly görmek islegi islendik döwürde hem bolupdyr. Şol sebäpli- de teatr özüniň ýaşamagy üçin hemişe göreşip gelen sungat hökmünde ýatda galyjydyr. Elbetde kino lentalary ýaly, ýüz ýyldan soň görmejegiň belli bolsa- da artistleriň şol döwürde, şol bir wagtyň özünde oýnan sahna eserleri adamlary terbiýelemäge, gussasyny, şatlygyny deň paýlaşmaga, ömürlik ýatdan çykarjak keşpleriň üsti bilen ynsanlaryň ýoluny aýdyňlatmaga, söýgä ýol görkezmäge, bu zatlaryň ählisinde ýokary derejeli duýgyny gazanmak mümkinçiligi köp bolupdyr.
Artist haýsy wagt sahna çykanynda hem öz ýüregniň energiýasyny sahnadan tomaşa geçirmeli bolupdyr. Şol sebäpli- de ol mydama keşbine taýýar bolmaly bolupdyr. Bu onuň mümkinçiliklerini, kino çagyrylmasyna we sylagynyň artmasyna hem- de ýene- de täze rollara tarap ädimlerini ýygjaltmasyna mümkinçilik döredipdir.
Nusgawy edebiýat hem modern sahna bilen birleşip, häzirki zaman täze eserleriň düýnki adamlaryň problemalaryny şu günüň gözi bilen çözmäge, şu günüň adamlarynyň meselelerini nusgawy edebiýatyň üsti bilen çözmäge mümkinçilik döredip bilýän teatr döwürleriň sungaty bolman, adamzat meseleleriniň çatrygyny açyp görkezýän, dogrusy häzirki döwürde ýokary derejeli çaltlyk zamanynda imperiwizasiýanyň zamanyny ýada salýan täze görnüşe geçýär. Munuň özi teatr sungatyny öwrenijileriň, teatr tankytçylarynyň meselesidir.
Ogulşat Ataýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
