SPORT

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda garaşylmadyk netije alyndy. Ispaniýa bilen Marokkonyň arasyndaky duşuşyk köpleri haýran galdyrdy.

Marokkonyň ýygyndysy 36 ýyldan soňra uly üstünligiň eýesi boldy. 1986-njy ýylda Marokkonyň ýygyndysy öz toparçasyndan çykypdy.

Ispaniýa duşuşykda has ykjam oýnandygyna garamazdan, Marokkonyň deerwezesinden gol geçirip bilmedi. Esasy we goşmaça wagtlarda gol geçirimän soň, 11 metrlik jerime urgylary duşuşygyň ykbalyny çözdi.

Ispaniýanyň ýygyndysynyň futbolçylarynyň biri hem 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Şeýlelikde, duşuşyk 3:0 hasabynda tamamlandy.

Şol bir wagtda duşuşygyň esasy gahrymany Marokkonyň derwezebany Ýassin Bunu boldy.

Marokko 1/4 finalda Portugaliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy