DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

– Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Gyrgyzystan ösüşinde täze tapgyra gadam basdy. Ýurtda uly özgerişlikler we durmuş-ykdysady ösüşlar amala aşyrylýar.

Esasan hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine, halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň pugtalandyrylmagyna berýän şahsy ünsüňizi we yzygiderli goldawyňyzy belläsim gelýär. Gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň peýdasyna yzygiderli pugtalanjakdygyna ynanýaryn – diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilip geçilýär.

Related posts

“Matrisa” gaýdyp gelýär. Haçan?

vepa

Ýaponiýada beýikligi 1,592 metr bolan wulkan atyldy

Kazandaky BRIKS sammiti: 13 ýurt guramanyň hyzmatdaş-döwlet derejesini aldy

Leave a Comment