Katar 2022-de çempionatyň 5-nji güni, ýagny 24-nji noýabrda (penşenbe güni) futbolyň iň esasy ýygyndylary meýdança çykýar. Neýmarly Braziliýa, Suaresli Urugwaý hem-de Ronaldoly Portugaliýa çempionatdaky ilkinji duşuşyklaryny geçirerler. 5-nji günde hem 4 duşuşyk oýnalyp, duşuşyklar adatça bolşy ýaly 15:00-da, 18:00-da, 21:00-de hem-de 00:00-da başlar.
“G” topar
Şweýsariýa bilen Kamerun duşuşar. 15:00-da başlajak oýun Al Wakradaky “Al Janoub stadionynda oýnalar we oýna argentinaly Fakundo Tello eminlik eder.
“H” topar
Urugwaý bilen Günorta Koreýanyň ýygyndysy duşuşar. 18:00-da başlanjak oýunda fransiýaly Klemen Turpen jürlewük çalar.
“H” topar
Kristiano Ronaldonyň ýygyndysy Portugaliýa bilen Gananyň ýygyndysy özara güýç synanyşar. “Stadium 974” stadionynda sagat 21:00-da başlanjak oýnuň emini amerikaly Ismail Elfath bolar.
“G” topar
00:00-da başlanjak duşuşykda Braziliýa bilen Serbiýanyň ýygyndysy duşuşar. “Lusail Iconic” stadionynda oýnaljak oýna eýranly Alireza Fagani eminlik eder.