DÜNÝÄ

Dünýäniň ilaty 8 milliarda ýetdi

Ýer şarynyň ilatynyň sany 8 milliarda ýetdi. Bu barada BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.

– Bu adamzat taryhyndaky taryhy pursatdyr  – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

BMG-niň maglumatyna görä, Ýer şarynyň ilatynyň sanynyň 1 milliard köpelmegi üçin 12 ýyl gerek boldy. Dünýäniň ilatynyň 9 milliardlyk görkezijä bolsa, 2037-nji ýylda ýetmegine garaşylýar.

BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýaýradan maglumatyna görä, dünýäniň ilatynyň artmagy dowam eder.  10,4 milliardlyk görkezijä 2080-nji ýylda ýetiriler. Planetanyň ilatynyň üçden iki bölegi tebigy köpelişiň az bolan sebitlerinde ýaşaýar. Dünýäniň ilatynyň iň köp artýan bölegi esasan hem Sahara çölüniň günorta bölegidir.

BMG-niň Ilat gaznasy dünýäniň ilatynyň artmagy bilen durnukly ösüş maksatlara ýetmek üçin has köp tagala edilmeginiň zerur bolup durýandygyny belleýär.

Dünýäniň ilaty 2011-nji ýylda 7 milliarda ýetipdi. Berlen maglumatlara görä, 2030-njy ýylda dünýä ilaty 8,5 milliarda, 2050-nji ýylda 9,7 milliarda, 2100-nji ýylda bolsa 10,4 milliarda ýeter.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk