SIZDEN GELENLER

Aşgabat – buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gözel paýtagty dünýäniň iň owadan we nurana, ekologiýa taýdan arassa şäherleriniň birine öwrülýär. Baş şäherimiziň ak mermere beslenen binalaryny, älemgoşar öwüşginli suw çüwdürimli seýilgählerini synlap, guwanjyň goşalanýar. Aşgabatda döredilen seýilgäh toplumlary, täsin suw çüwdürimleri baş şäherimize diňe bir bezeg bermek bilen çäklenmän, eýsem, adamzat durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Seýilgählerdäki tebigy gözelliklerden, guşlaryň owazyndan, ýapraklaryň şybyrdysyndan, şeýle hem jana şypa beriji, arassa, tämiz howasyndan adam ýakymly täsir alýar.

Aşgabadyň dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerinde gezelenç edýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny, myhmanlaryny göreniňde we oýna gümra bolup ýören çagalaryň şadyýan seslerini diňläniňde mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna, ajaýyp durmuşyna bolan buýsanjyň artýar.

Aşgabat dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini barha berkidýär. Paýtagtymyzy medeni merkez hökmünde göz öňüne getirmek «şäher dizaýny» diýen düşünje bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu özboluşly düşünje şäherlileriň paýtagtymyzyň ekologiýasyna we abadançylygyna aýawly garamak baradaky duýgusyny birleşdirýär.

Şähergurluşyk syýasaty adamzat işiniň beýleki käbir ulgamlary ýaly döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Häzirki wagtda Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatdaky işler hem uly çäreleriň özenini düzýär. Ýeri gelende bellesek, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory 2004-nji ýylda döredildi. Oňa häzirki wagtda dünýäniň 90 ýurdundan şäherleriň 300-e golaýy girýär. Iri guramanyň döredijilik şäherleriniň tory şäherleri durnukly ösdürmegiň, durmuş taýdan goşulyşmagyň hem-de medeniýetiň dünýädäki täsirini giňeltmeginiň hereketlendirijisi hökmünde döredijilige maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara derejede hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Röwşen zamanamyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň ähli künjeklerini, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy aýawly saklamak ýaly möhüm wezipeler hem şeýle buýsandyryjy işleriň hataryndan mynasyp orun eýeleýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan gurluşyk we abadanlaşdyryş işleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri bolan paýtagtymyz Aşgabatda alnyp barylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan dürli inženerçilik desgalarynyň gurluşygyna hem aýratyn üns berilýär. Döwrüň ösen, häzirki zaman tehnologik we inženerçilik çözgütleri esasynda gurlan täze desgalar toplumy hem bu ugurda uly ähmiýete eýe bolup, onuň gurulmagy şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadalaşdyrmaga, ýerasty suwlaryň derejesini peseldip, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Muňa paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy muňa aýdyň subutnamadyr.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň hem-de onuň töwerekleriniň abadanlaşdyrylmagy we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklaýar. Şolaryň hatarynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynda olaryň ýokary hilini, uzak möhletleýinligini üpjün etmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berildi.

Ismailmyrat Çaryýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün