Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri syýasaty ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen bolsa, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň umumy ykrar edilen ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasaty dünýäde ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge we ösdürmäge, dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer, diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir.
Şu ýyl özüniň garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny bellän Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 27 ýyllygyny belleýär. Geçen döwürde ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly üstünlikler gazandy. Muny Türkmenistanyň birnäçe gezek BMG-niň möhüm edaralarynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy, şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen halkara derejedäki Kararnamalar doly tassyklaýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şonuň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelip, ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki orny yzygiderli pugtalanýar.
Türkmenistan häzirki wagta çenli dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyz halkara konwensiýalardyr ylalaşyklaryň 160-dan gowragyna gatnaşýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyklarynyň 40-sy, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalardyr konsullyklaryň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýarlar.
Eziz Diýarymyz dünýä döwletleri, şol sanda iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag geçelgelerini döretmek, medeni gatnaşyklary baýlaşdyrmak arkaly parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde gazanylýan üstünlikler muňa subutnamadyr. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, durmuşymyzy özgertmek, röwşen geljegimizi üpjün etmek ýaly milli bähbitleri, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek ýaly belent maksatlary nazarlaýan tutumlar halkymyzy agzybirlikli, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzyň ykdysady, syýasy we beýleki ulgamlarda ägirt uly ösüşlere eýe bolmagy bizi örän begendirýär. Şunuň ýaly dünýä nusgalyk işleri bitirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun!
Nurmyrat Zülpiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.