BILIM

«FLEX» maksatnamasy: türkmen okuwçylaryny gatnaşmaga çagyrýar

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw!

Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2022-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2023-2024-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar.

Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. «FLEX» maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň alty sanysy Türkmenistanyň raýatydyr.

«FLEX» maksatnamasy aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli okuwçylar üçin açykdyr:

• 2005-nji ýylyň 15-nji marty – 2007-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar; 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
• Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
• Iňlis dilinde gowy gürleýän;
• Häzirki wagtda orta mekdepde okaýan we mekdepdäki okuw ýetişigi gowy bolan;
• ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
• Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Amerikan geňeşlikleriniň websahypasynyň FLEX bölüminde 1-nji tapgyr üçin Gyzyklanma Formasyny dolduryň, ýazylyşyk 2022-nji ýylyň 16-njy noýabrdan başlap 14-nji dekabr aralygynda açyk bolar.

Formany açyp bilmeseňiz +993-63-50-20-36 telefon belgisi arkaly Amerikan geňeşliklerine ýüz tutyň.
https://americancouncilstm.org/flex/

Bäsleşigiň rejesi 2022:

1-nji Tapgyr Gyzyklanma Formasy Noýabr 16, 2022  Dekabr 14, 2022
 2-nji Tapgyr 

 

Iňlis dili bilim derejesini barlamak telefon arkaly* 

(Talaba laýyk gelýän we Gyzyklanma formasyny dolduran ähli okuwçylaryň iňlis dili bilim derejesini barlamak üçin “FLEX” maksatnamasynyň wekili okuwçylar bilen 5-7 minutlap gürleşerler)

Dekabr 15, 2022 – Ýanwar 9, 2023

Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:
Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;
El.poçta: flex.tm@americancouncils.org;
websahypa: https://americancouncilstm.org/flex

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi