JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Federasiýa geňeşinde çykyş etdi

Şu günler  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary dowam edýär. Halk Maslahatynyň Başlygy düýn saparynyň ilkinji gününde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen netijeli gepleşikler geçirdi.

Şu gün bolsa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň 532-nji mejlisinde çykyş etdi.

Rus metbugatynyň habaryna görä, “Russiýa iki döwletiň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iň möhüm, aýrylmaz bölegidir we soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň parlamentarlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen köp işler edildi. Parlamentara durnukly dialog ýola goýuldy, hyzmatdaşlyk mehanizmleri yzygiderli işe girizildi we wekiliýetleriň yzygiderli saparlary guralýar. Şeýle işe ýokary baha berýäris we ony iki döwletiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi güýçlendirmegiň möhüm we täsirli bölegi hasaplaýarys”  – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçiren duşuşygynda parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň guraly bolup durýandygyny belläpdi.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri