SIZDEN GELENLER

Şan-şöhraty dünýä dolan alabaý

Türkmen halkynyň iň bir naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hem türkmeniň alabaý itidir. Alabaý itleriniň sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işler günsaýyn artýar we bu türkmen halkyny guwandyrýar, buýsandyrýar. Adamyň dosty, öý sakçysy, wepaly ýoldaşy bolan alabaý itlerimiz sözleriň iň ýagşysyna mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň  ajaýyp “Türkmen alabaýy” atly kitabyny okanymyzda hem türkmen alabaýlaryna goýulýan sylag-hormata aýdyň göz ýetirýäris.

Türkmen alabaýynyň taryhy, gözelligi, ajaýyp häsiýetleri, gaýduwsyzlygy we edermenligi barada örän köp zatlar ýazyldy we aýdyldy. Diňe ýazmak we aýtmak bilen çäklenmän türkmeniň alabaý itlerine bagyşlanyp alabaý itiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzda döredijilik sergileri gurnalýar. Ine bu gün hem, Türkmeniň alabaý baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergiler zalynda ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, binagärleriň, dizaýnerleriň, zergärdir, halyçylaryň gatnaşmagynda  türkmen alabaýyna degişli bolan “Edermen türkmen alabaýy” atly bäsleşik  sergisi ýaýbaňlandyryldy.

 

Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa we ýaş mugallymlary şeýle hem, zehinli we ussat talyplary öz hünärleri boýunça döreden eserleri bilen sergä gatnaşdylar. Sergide nakgaşçylykda, heýkeltaraşlykda amaly-haşam sungatynda türkmen alabaýynyň edermenligi, gaýduwsyzlygy, gözelligi inçelik bilen wasp edilipdir. Sergide Serdarowa Oguljemalyň. Nurýagdyýew Nurýagdynyň, Kemenow Çynaryň, Hojamyradow Ruslanyň, Pirmämmedowa Dilberiň, Rejepowa Suraýyň döreden eserlerini aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr.  Nakgaşçylyk hünäri boýunça  okaýan talyplaryň ýagly boýaglarda ýerine ýetiren alabaý eserleri örän nepis we inçelik bilen ýerine ýetirilipdir. Binägarlik hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň alabaý monumentini, alabaýyň muzeýini we alabaýyň seýilgähiniň gurulup, bina edilmegi üçin hödürlän işleri diýseň buýsandyrýar.

Amaly-haşam sungatyndan bilim alýan talyplaryň döreden zergär işleri, keramika, haly we gobelen işleri sergä aýratyn gözellik goşýar.  Mundan başga-da, dizaýn hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň taýýarlan alabaýly köýnekleriniň bolmagy sergide aýratyn orun tutýar. Eserlerde suratkeşler esasy türkmen alabaýynyň gadymdan şu güne çenli ähmiýetini ýitirmän gelýänligini görkezipdirler. Sergide bu ýerine ýetirilen işleriň waspyny türkmen halkyna we dünýä wagyz etmekde ussatlyk bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniji talyplary täsirli çykyş etdiler.

 

Serginiň ahyrynda ýerine ýetiren işleri boýunça ýeňiji bolan mugallymlar, talyplar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan baýraklar bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik  Akademiýasynyň

 “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş”

kafedrasynyň mugallymy Ýazmuradowa Aýgözel

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi