Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny toýlady. Mälim bolşy ýaly, şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, ýurdumyz boýunça ýaşaýyş we durmuş maksatly köpsanly binalar açylyp halkyň hyzmatyna berildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny dowamata dowam edýän hormatly Prezidentimiz gurluşyklaryň alnyp barlyşyny mydama üns merkezinde saklaýar.
Daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak we ekologik meseleler häzirki zaman adamzat ýaşaýşynyň iň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Sebäbi, islendik döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Şäher gurluşygynda «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, gurluşygyň hil taýdan barha ýokarlanmagy, arassaçylyk işleriniň, ýaşyl zolaklaryň netijeli durmuşa geçirilmegi, şäherlerde hojalyk işleriň netijesinde howa gurşawyna goýberilýän zyňyndylaryň derejesiniň peseldilmegi, galyndysyz önümçiligiň döwrebap guralmagy ýaly birnäçe ekologik talaplary, guramaçylyk-hukuk, maddy we tehniki çäreleri öz içine alýar. Şäher ekologiýasynyň ýurdumyzda üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler toplumlaýyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýaşyl zolaklar şäher gurşawynyň, howanyň arassalygyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda ulaglaryň gatnawynyň sazlaşykly we döwrebap talaplara laýyk guralmagynyň howa gurşawynyň arassalygyny saklamakdaky ähmiýeti uludyr. Paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüşi, şähergurluşyk ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegi baş şäherimizi dünýäniň iri «ekoşäherleriniň» hataryna goşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Daşky gurşawy goramak, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr. Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä derejesinde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Bu ugurda halkara möçberde umumadamzat ösüşiniň bähbitlerini nazarlaýan teklipler, başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan aras-salygynyň üpjün edilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygy babatdaky syýasaty durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň subutnamasydyr. Şol işleriň netijesinde arassa hem howpsuz ekologiýa gurşawy emele gelýär.
Aryf Gulmadow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň mugallymy.
