JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk we bu guramanyň ornuny güýçlendirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biz BMG-niň Tertipnamasynyň belent ynsanperwer maksatlarynyň, gymmatlyklarynyň, ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarda hukuk we ruhy taýdan esas bolup galmalydygyna pugta ynanýarys” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň ähli işgärlerine mähirli gutlaglaryny we täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny iberdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär