DÜNÝÄ

Dabaraly kabul edişlik gurnaldy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş Konsullygy tarapyndan 2022-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Maşat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna we Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurnaldy.Bu çära Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkiminiň orunbasarlary, Ýurduň Daşary işler ministrliginiň Maşatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, Eýranyň Türkmenistan bilen serhetýaka welaýatlarynyň pudak ýolbaşçylary we Eýranyň Maşat şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary we diplomatlary we başgada birnäçe türkmen milletiniň abraýly ýaşulylary, ýazyjy şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyny alyp barýan birnäçe kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň  döwlet senalary ýerine ýetirilenden soňra myhmanlara giriş sözi bilen ýüzlenip Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş Konsuly çykyş etdi. Soňra söz Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Maşatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Monfarad Beheşdä berildi.Çykyşlarda ösýän türkmen-eýran gatnaşyklary bellenip, aýratyn hem 2022-nji ýylda “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçirilýän işleriň ähmiýetine uly baha berildi. Şeýle hem resmi dabarynyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerine bagyşlanyp ýurdumyzda soňky ýyllarda geçirilen ýokary derejeli çäreler we alynyp barylýan işler we iki goňşy ýurtlaryň hyzmatdaşlygy barada wideoşekiller görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Buharestde III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi

FIFA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy Daşkentde açylar

Türkmenistan bilen Eýran demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagy ylalaşdylar

Ýaponiýada ilkinji gezek zenan Premýer-ministr bolup biler

Türkmenistan bilen Owganystan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Ata Watan Eserleri

Özbek Lideri Donald Trampy Özbegistana çagyrdy