SIZDEN GELENLER

Bilim – ösüşleriň baş binýady

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyna döwletimiz tarapyndan yzygiderli üns berilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi, toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanda bilim ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň biri-birine hormat goýmagyna esaslanýar. Ýurdumyzda adamyň we raýatyň döwletimiziň Konstitusiýasynda berkidilen esasy hukuklarynyň biri hem olaryň bilim almaga bolan hukugydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy has-da kämilleşdirildi. Aýratyn-da, bu babatda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, şeýle-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda hem sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär, täze hünärler girizilýär, hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýetine aýratyn üns berilýär, döwrebap okuw meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar. Döwletimizde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, şeýle hem okatmagyň hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan düýpli özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha rowaçlanýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşiniň) kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde giň mümkinçilikler döredildi. Biz muny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bilim ulgamy boýunça gazanylan üstünliklerde, ýetilen sepgitlerde hem aýdyň görýäris.

Bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, innowasion tehnologiýalar, okuw kitaplarydyr gollanmalar, sözlükler, elektron okuw esbaplary bilen üpjün edilmegi, okadylyşyň döwrebap usullarynyň saýlanyp alynmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim berilmegine doly şert döredýär. 2022-2023-nji okuw ýylynda ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si dabaraly açylyp, ulanylmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky ýadawsyz aladasyny ýaşlar her ädimde duýýarlar. Ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga, olaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşini gazanmaga, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, adamkärçilik, agzybirlik, zähmetsöýerlik ýaly nusgalyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekleri üçin şert döretmäge gönükdirilen işler ýaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär.

Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de alan bilimleri özleşdirmegi üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem ýaşlaryň halkara olimpiadalara gatnaşmagyna giň şertler döredilýär. Bu babatda ýurdumyzda hem yzygiderli halkara olimpiadalar geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda, 2020-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda”, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-6-njy dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda II açyk halkara fizika internet olimpiadasyny guramak göz öňünde tutulýar. Geçiriljek çärelere ýurdumyzyň we Russiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär.

Akmyrat Tüýliýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň “Markşeýder” hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri