SPORT

Çempionlar ligasynyň iň çalt het-trigi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalardaky duşuşyklary dowam edýär. Angliýanyň milli çempionatynda geçen ýylky oýnuny görkezip bilmeýän “Liwerpul” topary Şotlandiýanyň “Reýnjers” toparyny 7:1 hasabynda utdy.

Iňlis toparynyň düzümindäki müsürli hüjümçi Mohammed Salah Çempionlar ligasynyň taryhynda iň çalt het-trik, ýagny 3 gol geçiren futbolçy boldy. Salah duşuşygyň ikinji ýarymynda 6 minut 12 sekuntda ýagny 75-nji, 80-nji hem-de 81-nji minutlarda tapawutlanmagy başardy.

Mundan ozal, bu ugurdaky rekord 2011-12-nji möwsümde şol döwürde “Lion” toparynyň düzüminde çykyş eden Bafetimbi Gomise degişlidir. Ol hem “Lion” bilen “Dinamo Zagreb” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda 3 gol geçiripdi. Bu duşuşyk hem 7:1 hasabynda “Lionyň” peýdasyna tamamlanypdy.

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy