SIZDEN GELENLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim pudagynyň ösüşli menzilleri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ylym-bi­li­me, ýaş­la­ryň hü­när­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Esa­san hem ýaş­la­ryň öz saý­lap alan hü­när­le­ri­ne oňat dü­şün­ýän, ylym­ly, bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň äh­li okuw mek­dep­le­rin­de bu ugur­dan mö­hüm iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, ýaş­lar hü­nä­re ug­ruk­dy­ryl­ýar we ola­ryň ylym­ly bol­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re, eýe­len­ýän be­lent sep­git­le­re tüýs ýü­rek­den buý­san­ýa­rys. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de oba ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da iň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­jeň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ylym-bilim ulgamynda mil­li öz­gert­me­le­ri­miz üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar we mak­sat­na­ma­la­ry­myz dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Şeýle hem ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berilýär. Şunda ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň hem-de sergileriň ähmiýeti uludyr.

Şu günler paýtagtymyz Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçirilýär. 10-11-nji oktýabr aralygynda geçirilýän bu sergi hem-de maslahat ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirmekde hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, bu sergi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hem öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem öz diwarlygy bilen köpleriň ünsüni çekýär. Diwarlykda Gahryman Arkadagymyzyn kitaplarynyň dürli dillerdäki neşirleriniň sanly tanyşdyrylyşy göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem biziň diwarlygymyzda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty okadylýan dilleriň baýdaklary, olaryn milli tagamlary, gymmatlyklary, owadan ýerleri we aýratynlyklaryna bagyşlanan sanly tanyşdyrylyş maglumaty esasynda köp ýurt barada maglumat almak mümkinçiligi bardyr.

Şeýle hem institutda geçirilýän hepdelikleriň we ylmy-amaly maslahatlaryş tanyşdyrylyş maglumatnamalary, institutymyzyň mugallymlary tarapyndan guralan teleýaýlymlardaky dürli dillerdäki sapaklary, institut baradaky wideoýazgylar. şeýle hem institutyň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wideoýazgylary diwarlykda öz mynasyp ornuny aldy.

Bu baý many-mazmunly diwarlykda ýurdumyzyň baýry instituty hem-de onda okadylýan diller, institutyň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň bilim ojaklary bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyz döwrebap ýokary okuw mekdepleriň biridir. Institutyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda geçirýän täze özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäde derejesinde ösdürmek ugrunda giň tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Aýgözel Muhammedowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri