Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem geldiler.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde resmi däl sammitini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Geljek hepde Gazagystanyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň her ýyl geçirilýän sammiti geçiriler.
Şonuň öňüsyrasynda geçirilen sammitde çykyş eden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi zerurdygyny belledi. Ol özara hasaplaşyklaryň milli pul birliklerinde amala aşyrylmagynyň bu ulgamda uly üstünlikler gazanmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Wladimir Putiniň belleýşi ýaly, geçen ýyl Russiýa bilen GDA döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 30 göterim artyp, 96 milliard dollara deň boldy. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýene-de 7 göterim artdy.
Şeýle hem Wladimir Putin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň rus dilini ilerletmek boýunça gurama döretmek baradaky başlangyjyny goldady. Ozal 2023-nji ýyl GDA döwletlerinde Rus diliniň ýyly diýlip yglan edilendigi hem bellenilip geçildi.
