JEMGYÝET

Dünýäniň iň gymmat tölegli ýollary

Awstraliýanyň «Budget Direct» ätiýaçlandyryş kompaniýasy dünýädäki iň gymmat tölegli ýollaryň reýting-sanawyny yglan etdi.

Bu sanawa görä, Ýer ýüzündäki iň gymmat tölegli ýol Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Pensilwaniýa ýoludyr. Maglumatlara görä, bu ýoldan ýöremek üçin ulaglaryň sürüjileri 112,91 dollar tölemeli bolýarlar. Uzynlygy 580 kilometre barabar bolan ýol Pensilwaniýa Ştatynyň içinden geçýär.

Awstriýadaky Grossglokner ýoly bolsa bu sanawda ikinji orny eýeleýär. Ýöne iki ýoluň bahasynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Awstriýadaky ýoldan ýöremegiň bahasy 45 dollar.

Tölegli ýollaryň ortaça bahasy boýunça Şweýsariýa serişdänii iň köp talap edýän döwletdir. Bu ýurtda tölegli ýollaryň ortaça bahasy 26,5 dollar. Ikinji orundaky Awstraliýada munuň üçin 16,29, üçünji orundaky Farer adalarynda bolsa 16,28 dollar soralýar.

 

At çapyşyklarynyň şowhuny has-da artdyrylar

 

 

 

Related posts

Ömri 10 ýyl uzaltmak üçin

vepa

      Leonardo Di Kaprio 43 million dollar bagyş eder

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri