JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda: “Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Täjigistan Respublikasy raýatlarynyň abadançylygyny we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, Täjigistanyň sebitde hem, onuň çäklerinden daşarda hem eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy bellenilmäge mynasypdyr” diýlip nygtalýar.

Täjigistan Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklara uly üns berýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. “Ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça teklipdir başlangyçlary goldaýarys, dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňizi hem-de ägirt uly goşant goşýandygyňyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglygy, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlygy, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär