DÜNÝÄ

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýeti (TGÝAMJ) we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) özara düşünişmek hakynda Ähtnama we adatdan daşary ýagdaýlarda hereketleriň maksatnamasy hakynda degişli resminama gol çekdiler.

Şu iki resminamalara gol çekilmegi adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak, ilatyň talabyny kanagatlandyrmak maksady bilen, öz mandatynyň we ygtyýarlygynyň çäklerinde taraplaryň hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýar.

Özara düşünişmek baradaky Ähtnama ynsanperwer ýagdaýlarda TGÝMJ-niň we ÝUNISEF-iň ulanjak esasy serişdeleriň ätiýaçlyk gorlaryny ammarlarda saklamak we dolandyrmak üçin bilelikdäki giňişligi üpjün edýär. Adatdan daşary ýagdaýlarda hereketleriň maksatnamasy hakynda Resminama çökgünlik ýagdaýy dörän pursadyndan 24 sagadyň içinde işjeňleşdiriljek ätiýaçlyk ynsanperwer maksatnamasydyr.

Bu iki resminama ilatyň derwaýys talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ilkinji nobatda zerur zatlarynyň bolmagyny kepillendirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar