BIZNES

Owganystan TOPH taslamasyny başlamaga taýýar

Owganystanyň ikinji wise-premýeri Mullah Abdul Gani Baradar häzirki owgan şertleriniň TÜrkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan  gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek üçin amatly mümkinçilik döredendigini aýtdy.

“Tolonews” ýaýlymynyň internet neşiriniň berýän habaryna görä, Mullah Baradar “TAPI Pipeline Company Limited” ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow we Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşdy.

Owgan ygtyýarly wekili Owganystan Yslam Emirliginiň TOPH gaz geçirijisine başlamaga taýýardygyny belläp, bu ugurda islendik hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.

Dag magdan we nebit ministrligi TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň gurluşygyna 2022-nji ýylyň oktýabrynda girişiljekdigini mälim etdi. Ýurduň Daşary işler ministrligi bolsa, tehniki toparyň Türkmenistanda saparda bolup, TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşikler geçirjekdigini belläp geçdi.

Bu toparyň indiki aýda Türkmenistana sapar bilen gelmegine we gepleşikleriň barşynda tebigy gazy ilat we senagat düzümlerine nähili paýlamak, ondan elektrik energiýaysny öndürmek, ilkinji tapgyryň Hyratda başlanmagy ýaly meseleler boýunça pikir alyşmagyna garaşylýar.

Owganystanyň Senagat we magdan palatasy (ACIM) TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň öz-özüni üpjün etmegine kömek etjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi