Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldiler. Russiýanyň iri sebitleriniň wekiliýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýarlar.
Şu gün Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda mukaddes Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşan Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem-de Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri hem-de alabaý itleri bilen ýakyndan gyzyklandy. Bu baýramçylyk dabarasyna “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.
Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow alabaý itlerimize aýratyn gadyr goýup, özüne sowgat edilen türkmen alabaý itiniň hem ullakan bolandygyny uly buýsanç bilen belledi.
Russiýanyň iri sebitleriniň wekilleri Garaşsyzlyk baýramynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk konsertine hem gatnaşdylar.
Russiýanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary birnäçe duşuşyklary geçirerler hem-de ertir Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli esasy baýramçylyk dabaralaryna gatnaşarlar.