Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynda başy başlanan giň göwrümli taslamalar halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkymyza ýokary hilli önümleri hödürlemäge uly mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň himiýa pudagynyň öňünde durýan ileri tutulýan esasy wezipeler ýurdumyzyň we ilatyň bähbitleri üçin türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryndan, uglewodorod serişdelerinden, mineral we gidromineral gorlaryndan doly we netijeli peýdalanmak bolup durýar.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni ugurdaş ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň 24-nji awgustyndaky «Türkmenhimiýa» döwlet konsernini döretmek we onuň meseleleri hakynda» Karary esasynda döredildi.
Himiýa senagaty, esasan, uglewodorod serişdeleri we dag-magdan çig mallaryny gaýtadan işlemegiň içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan mineral dökünleri, mineral we gidromineral gorlary özleşdirmegiň netijesinde, ýod, brom we olaryň önümlerini, natriý sulfatyny, tehniki uglerody, nahar we tehniki duzlary ýaly beýleki himiýa önümlerini öndürmäge gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da ösdürmek maksady bilen, Diýarymyzyň dürli ýerlerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar gurlup, ulanmaga berildi. Olar dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Himiýa önümlerini öndürýän hususy kärhanalary gurmak we olaryň işini ýola goýmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik kärhanalary bolan Türkmenabatdaky himiýa zawodynda, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid”, “Hazar” himiýa, “Balkanabat” we “Bereket” ýod zawodlarynda, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynda we beýleki kärhanalarda ýokary zähmet netijeleri gazanylýar.
Uly ösüşlere eýe bolýan oba hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli mineral dökünleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak himiýa senagatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Jemi öndürilýän dökünleriň möçberi Türkmenistanda obasenagat toplumynyň azot önümlerine bolan isleglerini doly derejede kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurt bazarlaryna hem eksport etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, himiýa senagatynyň kärhanalarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy hem-de bar bolanlaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Himiýa pudagyny ösdürmegiň çäklerinde döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri we beýleki himiýa önümlerini öndürmek boýunça soňky ýyllarda iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Mysal üçin, 2014-nji ýylda Mary welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürýän zawody guruldy. 2016-njy ýylda Lebap welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna bolan kükürt kislotasyny öndürýän önümhana açyldy, 2017-nji ýylda kuwwatlylygy ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumy, 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid we 660 müň tonna ammiak öndürýän «Garabogazkarbamid» zawody ulanmaga berildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» himiýa pudagy boýunça geljekde ýene-de birnäçe önümçilik kuwwatlyklarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň azotly dökünler bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Töre Annamyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
