TEHNOLOGIÝA

Motosikller howany hapalamaz

Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa motosiklleriň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, konserniniň öndürýän motosiklleriň 2040-nji ýyldan başlap, howany hapalamaýar. Ulag serişdesi howa kömürturşy gazyny ibermegini bes eder.

Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli elektrik togy bilen işleýän 10 görnüşde motosikl hödürlemegi meýilleşdirýär. Şonuň netijesinde, 2040-njy ýyldan başlap, 2050-nji ýyl aralygynda motosikller howa kömürturşy gazyny goýbermegini bes eder.

“Honda” kompaniýasy aprel aýynda beren beýanatynda 2030-njy ýyla çenli elektromobil önümçiligindäki maksatnamasyna ýetmegi meýilleşdirýär. Şol döwre çenli, kompaniýa 2 million sany elektrikli awtoulag önümçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

Ýene-de okaň

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy