SPORT

“Arsenal” 20 ýyldan soňra finala çykdy

Angliýanyň «Arsenal» topary iki duşuşygyň netijesi boýunça Ispaniýanyň «Atletiko» toparyny ýeňip, taryhynda ikinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. 20 ýyl mundan ozal, “Arsenal” topary Çempionlar ligasynyň finalynda Ispaniýanyň «Barselona» toparyndan 2:1 hasabynda ýeňlipdi we iňlis toparynyň janköýerleri bu wakany gynanç bilen ýatlaýalar. Köp ýyldan soňra iňlis toparyna Ýewropanyň iň abraýly klub ýaryşynda ýeňiş gazanmaga täze umyt döredi.

Iňlisleriň «Arsenal» toparynyň futbolçylary Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Ispaniýanyň «Atletiko» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Londonyň «Etihad» stadionynda geçirildi.

Oýnuň 45-nji minutynda Bukaýo Saka gol geçirdi. Garşydaşlaryň arasyndaky birinji oýun deňme-deň (1:1) hasabynda tamamlanypdy.

Finalda «Arsenal» topary Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» we Germaniýanyň «Bawariýa» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar. Birinji oýunda parižliler öz meýdançasynda nemes toparyny 5:4 hasabynda ýeňipdi. Jogap duşuşygy 6-njy maýda Mýunhende geçiriler.

«Arsenal» taryhynda ikinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Komanda ilkinji gezek 2006-njy ýylda çempionlyk ugrundaky final duşuşyga çenli barypdy we şonda Ispaniýanyň «Barselona» toparyndan (1:2) asgyn gelipdi.

Çempionlar ligasy Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşydyr. Bu ýaryşyň soňky çempiony “PSŽ” toparydyr. Iň köp çempionlyk rekordy Ispaniýanyň «Real Madrid» toparyna degişlidir (15 gezek).

Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 30-njy maýda Budapeştde bolar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy