DÜNÝÄ

Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi

Şa zenany Ýelizaweta II ogly şazada Çarlz Karl III ady bilen Beýik Britaniýanyň täze patyşasy hökmünde resmi taýdan yglan edildi.

Karl III Beýik Britaniýanyň tagt mirasçylygy geňeşi tarapyndan patyşa yglan edildi we Karl III kasam kabul ediş hatyna gol çekdi.

Beýik Britaniýanyň birnäçe ýokary derejeli şahslary, şazada Uilýam, şa aýaly-konsort, tagt mirasçylygy geňeşiniň ýolbaşysy lord Penni Mordont, Kenterber arhiepiskopy Karl III patyşa yglan edilmegi hakynda resmi hata goluny goýdular.

Bukingem köşgüniň 8-nji sentýabrda 70 ýyl ýurdy dolandyran Ýelizaweta II aradan çykandygyny mälim etdi. Şondan soňra şazada Çarlz patyşa bolup, Karl III adyny aldy. Onuň aýaly Kamilla bolsa şa aýaly-konsort derejesine eýe boldy.

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III (Charles III) resmi ady Çalrz Filip Artur Jorj bolup, ol 1948-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Londonda dünýä inýär. Ol Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II (1926-2022) we Edinburg gersogy Filippiň (1921-2021) uly ogludyr.

Patyşa Karl III birinji aýaly şazada aýaly Dianadan 2 ogly bar. Olar şazada Uilýam we şazada Garri. Şazada aýaly Diana 1997-nji ýylda aradan çykýar.

Patyşa Karl III 2005-nji ýylda häzirki aýaly häzirki şa aýaly Kamilla bilen durmuş gurýar.

Patyşa Karl III 5 sany agtygy bar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar