SIZDEN GELENLER

Ösüşleriň we özgerişlikleriň aýdyň ýoly

Eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýar. Ýurdumyzdaky il-ýurt bähbitli alnyp barylýan ösüş-özgertmeler okgunly depgine eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, adyl syýasatyny üstünlikli dowam etdirip, ýurdumyzyň mundan bu ýana ösmegi, gözelleşmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy geljek 30 ýylda syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar ýanynda alnyp barylýan gurluşyk, binagärlik işleri, gazanylýan beýik ösüşler maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin döredilýän her bir binalardyr desgalar bolsa asuda ýaşaýşymyzy üpjün etmek bilen çäklenmän, paýtagtymyzyň we onuň daş-töwereginiň gözelligini, ajaýyplygyny üpjün edýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da, pu­dak­lar­da dün­ýä­niň ösen döw­re­bap en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar üs­tün­lik­li iş­le­dil­ýär. Bu be­ýik iş­le­riň do­wam­ly bol­ma­gy üçin bol­sa gel­jek­de be­lent mak­sat­la­ry goý­mak, onuň amal edil­me­gi üçin bol­sa anyk iş­le­ri alyp bar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şo­nuň üçin hem mak­sat­la­ýyn iş­ler ýo­la goý­lup, döw­let mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hut şo­nuň üçin hem mö­hüm äh­mi­ýet­li mak­sat­na­ma­lar ka­bul edil­ýär we üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­ni üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da döw­re­bap ugur­la­ry ke­ma­la ge­tir­mä­ge, iş­le­riň oý­la­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy­na hem müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän uly mümkinçilikleri ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň önümçiliginiň ýylsaýyn artdyrylmagyny şertlendirýär. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlaryň netijesinde, ýokary hilli, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilip, haryt bolçulygy üpjün edilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň hasabyna import azaldylyp, eksport önümleriň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyzda kiçi, orta we iri telekeçiligiň ösdürilmegi baradaky tagallalaryň, hemaýat-goldawlaryň netijesinde, ykdysadyýetiň hususy böleginde innowasion tehnologiýalara daýanýan senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän telekeçiler gatlagy emele geldi. Hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi. Ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýlup, eksporta gönükdirilen we importuň ornuny tutýan önümçilikler peýda boldy. Şeýlelikde, senagatda, gurluşykda, oba hojalyk toplumynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy amala aşyrylyp başlandy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän kär­ha­na­lar, mek­dep­ler, has­sa­ha­na­lar we sag­lyk öý­le­ri, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry we beý­le­ki des­ga­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan öz­gert­me­le­ri­niň oňyn ne­ti­je­si­dir. Olar Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Şol bir wagt­da zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ry­lyp du­rul­ma­gy hem ila­tyň hal-ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­na oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Myrat Haýytow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri