JEMGYÝET

Türkmenistanly ýaşlara salgyt ýeñilligi berilýär

Düýn kabul edilen we Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çekmegi bilen güýje giren  “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýaşlara köp sanly ýeňillikleri döredýär. Bu kanunçylyk resminamasy täzeden seredilip, rejelen görnüşde taýýar edildi.

Bu kanunçylyk namasy geljekde jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, olaryň bähbitlerini, hukuklaryny goramakda, muny iş ýüzünde amala aşyrmakda ägirt uly hukuk resminama bolup durýar.

Bu kanunçylyk namasynda ýaşlara salgyt ýeñilligi hem döredilýär.

Kanunynyñ 32 -nji maddasynyñ degişli böleginde şeýle diýilýär:

7) bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibini Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda kesgitlemek.

Şu madda laýyklykda, ýaňy işe başlan ýaş hünärmenler üçin girdeji salgyda babatda ýeňillikler dörediler.

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri