DÜNÝÄ

5 ýylda 2 milliard düýp nahal oturtmak meýilleşdirilýär

Gazagystan Respublikasy “Ýaşyl Gazagystan” atly milli maksatnamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýurduň Premýer-ministri Alihan Smailow bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklar berip, onuň howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, suw çeşmelerini, tokaý hojalygyny we galyndylary dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek ýaly ugurlaryň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

– Daşky gurşawy gowulandyrmak üçin indiki ýylyň 1-nji ýanwaryndan iri senagat kärhanalarynda zyňyndylary awtomatiki gözegçilikde saklamagyň zerurlygy baradaky düzgün güýje girýär. Bu çäre, her kärhananyň zyňyndylary barada çalt we ygtybarly maglumatlary almaga gönükdirilendir – bu zyňyndylaryň derejesi ýokarlanan halatynda gyssagly çäreleri gözegçilikde saklamaga we ulanmaga mümkinçilik berer – diýip, hökümet başlygy habar berdi.

Bu taslamanyň çäklerinde 5 ýylda 2 milliard düýp nahal oturmak meýilleşdirilýär. 2021-nji ýylda ýurtda 66 müň gektara 138 million düýp nahal oturdyldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi