Bilermenleriň geçiren ýene-de bir ylmy barlagyna görä, yzygiderli sport maşklaryny ýerine ýetirýän adamlarda koronawirus ýokanjy sebäpli hassahana gitmek we aradan çykmak howpunyň azalyp bilýändigi mälim edildi.
Iňlis sport lukmançylygy žurnalynda çap edilen gözleglere görä, günde 20 minut yzygiderli sport maşklarynyň koronawirusa garşy peýdaly bolup, adamlarda agyr keseliniň öňüni alýandygy bellenildi.
Gözlegleriň netijeleri, jemi 150 minut ortaça intensiwlik ýa-da hepdede 75 minut güýçli işjeňlik iň gowy goragy üpjün edýändigini görkezýär.
Hünärmenler yzygiderli maşklaryň dem alyş ýokançlyklaryndan goramaga kömek edýändigini belleýärler.
Şeýle hem yzygiderli fiziki işjeňligiň semizlik we 2-nji görnüşli süýji keseli ýaly keselleriň döremek töwekgelçiligini azaldýandygy bellenilýär.