JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşar

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidadan Tükrmenistanyň Prezidentine hat gelip gowuşdy. Şol hatda ýapon Premýer-ministri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmaga isleg bildirendigi üçin hem hoşallyk bildirdi.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňize, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykandygy zerarly, gynanç bildirendigiňiz hem-de medet beriji sözleriňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Şu ýylyň 11-nji iýulynda bolsa Siziň Alyhezretiňiziň adyndan merhumyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, gurbanlyk sadakasy berildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmaga isleg bildirendigi üçin hem hoşallyk bildirýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşan ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň erk-islegine eýerip, Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidigime Siziň Alyhezretiňizi ynandyrmak isleýärin.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

“Talyp gözeli-2021” atly gözellik bäsleşigi geçirilýär

Türkmen metbugatynda -28.01.2019ý

vepa