SPORT

“Mançester Ýunaýted” topary Kasemiro bilen gyzyklanýar

Soňky ýyllarda Angliýanyň milli futbol çempionatynda garaşylýan netijeleri görkezip bilmeýän “Mançester Ýunaýted” topary düzümini güýçlendirmegi dowam etdirýär. Iňsli topary Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň düzüminde çykyş edýän brazil futbolçy Kasemiro bilen gyzyklanýar. Ony satyn almak üçin 50 million futn-sterling hödürlemäge taýýar.

“Ýunaýted” topary Italiýanyň “Ýuwentus” toparyndan Adrian Rabiony satyn alyp bilmedi. Şonuň üçin onuň ornuny Kasemiro bilen doldurmagy maksat edinýär. Toparyň tälimçisi Erik ten Hag 30 ýaşyndaky Kasemirony öz toparynyň düzüminde görmek isleýändigini belledi.

“Aýaks” toparynyň tälimçiligini taşlap, “Ýunaýted” toparyna geçen Erik ten Hag üçin hem Angliýanyň çempionaty şowly boldy. Onuň topary çempionatda geçirilen 1-nji we 2-nji tapgyrlarda ýeňlişe sezewar boldy. 2-nji tapgyrda “Brentford” toparyndan 4:0 hasabynda, onda-da duşuşygyň ilkinji 35 minutynda 4 jogapsyz pökgüni öz derwezesine geçirden “Mançester Ýunaýted” topary Kristiano Ronaldonyň topardan gidip-gitmejekdigi baradaky durnuksyz ýagdaýy bilen hem kynçylyklary başdan geçirýär.

Şol bir wagtda topary satyn almak isleýänler hem peýda bolýar. Ilki bilen Ilon Mask degişme esasynda satyn aljakdygyny mälim eden bolsa, “Ineos” himiýa kärhanasynyň eýesi, britan işewüri Jim Redkliff “Mançester Ýunaýted” futbol klubynda paýnama satyn almak isleýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”