SPORT

Her 5 sagatda 3 million dollar gazandyrýar

Basketbol dünýäsiniň ägirdi Maýkl Jordon sport karýerasynda gazanan üstünlikleri bilen bir hatarda işewürlik ulgamynda-da gazanýän girdejileri bilen öňe saýlandy.

“Nike” kompaniýasy 1984-nji ýylda Maýkl Jordan bilen “Çikago Bulls” toparynda NBA çempionatynda ýeňiş gazanmazyndan has öň şertnama baglaşypdy.

Kompaniýanyň ilkinji çaklamalarynda Maýkl Jordan bilen 4 ýyllyk şertnamasynyň çäklerinde 3 million dollar girdeji gazanmak göz öňünde tutulypdy. Ýöne meşhur basketbolçynyň üstünlikleri komapniýa uly girdeji gazanmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda “Air Jordan” markasy bilen Maýkl Jordan kompaniýa her 5 sagatda 3 million dollar girdeji gazandyrýar. Jordan bolsa özüniň işewür hyzmatdaşlaryndan her gün 410 müň dollar alýar.

“Forbes” žurnalyna görä, Maýkl Jordan 2021-nji ýylda 150 million dollar girdeji gazandy. Maýkl Jordan “Jordan” markasyndan 5 göterim gazanýan bolsa, “Nike” kompaniýasy her gün söwdadan 15 million dollar gazanýar.

Jordan 2003-nji ýylda 40 ýaşynda basketbol sporty karýerasyny tamamlapdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar

“Inter” topary baş tälimçisi Simone Indzagi bilen hoşlaşdy

Grizmann “Atletikoda” galdy

Ata Watan Eserleri

“PSŽ” topary taryhynda ilkinji Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy

Arnold “Real Madrid” bilen şertnama baglaşdy

“Çelsi” topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy