DÜNÝÄ

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew ýurduň paýtagty Nur-Sultan şäherinde gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga Merkezi Aziýanyň iň uly metjitleriniň biri boldy. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” resmi habarlar gullugy habar berdi.

Täze metjit Gazagystanyň ilkinji Prezidentiniň başlangyjy bilen 3 ýylda guruldy. Onuň eýeleýän umumy meýdany 10 gektara barabardyr. Umumy meýdany 68062 inedördül metrdir. Uly gümmeziniň beýikligi 83,2 metre, diamteri 62 metre deňdir. Metjidiň 4 minarasy bolup, beýikli 130 metre barabardyr.

Metjidiň ýerzemininde 440 orunly zal, 405 orunlyk ýapyk awtoduralga, arassaçylyk otaglary, tehniki otaglar we beýleki kömekçi otaglar bar.

Birinji we ikinji gatlarynda namaz okalýan ýerlerden başga-da okuw synplary, maslahat zaly, nika zaly, Gurhan okalýan zal, telestudiýa, edara otaglary, gulluk otaglary, dükanlar, muzeý we tehniki otaglar ýerleşdirilendir.

Metjitde birbada 235 müň adamyň namaz okamagyna şert döredilipdir. Nur-Sultan şäherindäki metjit kabul edýän adam sany boýunça dünýäniň iň uly metjitleriň hataryna girýär.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri