SPORT

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary başlaýar

Şu gün Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary badalga alýar. Ýewropanyň iň güýçli 5 futbol ligasynyň hataryna girýän Angliýada (Premýer liga), Germaniýada (Bundesliga) we Fransiýa (Ligue 1) futbol çempionatlarynyň duşuşyklary başlaýar.

Şu gün Angliýanyň “Premýer-ligasynyň” açylyş oýnunda “Kristal Palas” möwsümiň iň güýçli toparlaryndan biri bolan “Arsenal” bilen duşuşar.

Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynda soňky 10 möwsümde çempionlyk kubogyny gazanan “Bawariýa” topary çempionatyň ilkinji gününde “Aýntraht Frankfurt” topary bilen duşuşyk geçirer.

Fransiýanyň “Ligue 1” çempionatynyň açylyş duşuşygynda “Lýon” topary “Aýaçço” topary bilen duşuşar.

BIRINJI HEPDÄNIŇ DUŞUŞYKLARY

Angliýanyň çempionaty

6-njy awgust şenbe güni: “Fulham-Liwerpul”, “Bormunt-Aston Willa”, “Lids Ýunited-Wolwerhempton”, “Nýukasl-Nottingham Forest”, “Tottenhem-Southempton”, “Ewerton-Çelsi”.

7-nji awgust ýekşene güni: “Lester Siti-Brentford”, “Mançester ÝUnited-Braýton”, “West Ham-Mançester Siti” duşuşyklary oýnalar.

Related posts

Katar-2022: Saud Arabystanynyň taryhy üstünligi üçin resmi dynç alyş

Ýewro-2020: Ronaldo rekordlar bilen başlady

Gurban Berdiýewiň “Soçi” topary ýeňiş bilen başlady