Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti ýurduň çäginde maýmyn mama keseliniň ýaýramagy bilen jemgyýetçilik saglygy ulgamynda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Bu barada ýurduň saglygy goraýyş we durmuş gullugy ministri Ksawýer Beserra habar berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak Tamyň 2 sany ýokary derejeli hünärmenlerine maýmyn mama keseliniň öňüni almak boýunça işleri utgaşdyrmak üçin tabşyryklar berdi. Mälim bolşy ýaly, ýurduň Kaliforniýa, Illinoýs we Nýu-Ýork şäherlerinde bu kesel bilen keselleýänleriň sanynyň artmagy bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi.
Çarşenbe gününiň maglumatyna görä, ABŞ-da bu ýokançlyk bilen kesellänleriň sany 6,6 müňe ýetdi.
– Biz wirusa garşy göreş çärelerini täze tapgyra çykarýarys we her bir amerikalyny maýmyn mama keseline çynlakaý çemeleşmäge çagyrýarys – diýip, ministr telefon arklay geçiren metbugat brifinginde mälim etdi.
Bu ýokançlyk 1958-nji ýylda maýmynlarda ýüze çykypdy. Şondan soňra esasan hem Afrika ýurtlarynda adamlar ýokuşyp, ýokançlyga öwrülipdi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatyna görä, bu kesel bilen kesellän adam 2-4 hepdede sagalýar. BSGG hem bu kesele garşy jemgyýetçýilik saglygy ulgamynda adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi.
BSGG bu ýokançlyga garşy göreşi halkara derejesinde alyp baryp, sanjym we bejergi usullary boýunça maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmagy maksat edinýän jarnama kabul etdi.
Ýewropa ýurtlarynda hem giňden ýaýran bu ýokançlyk bilen 38 ýurtda 16 müňden gowrak kesellän adam hasaba alyndy.