“Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Maskyň öz hususy howa menzilini gurmagy meýilleşdirýändigi mälim edildi. Ostin sebitiniň daşynda gurulmagy meýilleşdirilýän howa menziliniň konseptual meýilnamalarynyň tassyklanandygy mälim edildi.
Howa menziliniň ýerleşýän ýeri we haçan guruljakdygy aýan edilmedik bolsa-da, dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Mask we onuň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kompaniýanyň desgalaryna arkaýyn barmagyny üpjün etjek howa menziliniň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
“SpaceX” -iň esaslandyryjysy Mask häzirki wagtda “Gulfstream G650” jet uçary bilen syýahat edýär, golaýda bolsa, özüne täze hususy uçar sargyt etdi.
Mask hususy howa menzilini gurmak üçin ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gullugyndan we Federal awiasiýa administrasiýasyndan rugsatnama almagy zerurdyr.