TEHNOLOGIÝA

Elektrikli ulaglar goňşularymyzda hem öndüriler

Elektrikli awtoulaglaryň önümçiligi has ýakyn gelýär. Has takygy, öňümizdäki ýyllarda Özbegistanda hem elektrikli ulaglaryň önümçiligine girişiler.

Bu barada özbek Hökümetiniň 29-njy dekabrda kabul eden Kararynda aýdylýar. Kararda bellenilişi ýaly, «Uzawtosanat» kärhnasynyň öňünde ýakyn ýyllarda elektrik bilen işleýän awtoulaglary öndürmek wezipesi goýuldy.

Mundan başga-da, ýurduň içinde elektrik bilen işleýän ulaglary satyn almak ýa-da wagtlaýyn getirmek üçin töleg (awtoulagyň Içeri işler ministrliginde hasaba alynmagy üçin töleg) ýatyrylar. Maliýe ministrligi 2021-nji we ondan soňky ýyllar üçin býujet düzülende muny göz öňünde tutmalydyr.

Täze kabul edilen Kararda öňümizdäki iki aýyň içinde Özbegistanyň çäginde elektrikli ulaglar üçin stansiýalary gurmagyň «ýol kartasyny» işläp taýýarlamak boýunça wezipeler goýuldy.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Related posts

Eýnşteýniň golýazmasy auksiona çykarylýar

“Umidigi” kompaniýasynyň üýtgeşik telefony

Ýene bir websaýt işläp başlady:tmyurthabar.com

Ata Watan Eserleri