“PSW” topary Niderlandlaryň Superkubogyny 13-nji gezek gazandy. Bu arzyly kubogy gazanmak ugrunda geçirilen duşuşykda “PSW” topary özüniň esasy bäsdeşi “Aýaks” toparyny 5:3 hasabynda ýeňdi.
“PSW” toparynyň düzüminde Russiýanyň “Spartak” toparynda geçen Gus Til 3 gol geçirip, toparyň kubogy gazanmakda uly goşant goşdy. Toparyň tälimçisi we ozalky meşhur futbolçy Rud wan Nistelroý hem tälimçi hökmünde ilkinji kubogyny gazandy.
“PSW” topary bassyr 2-nji ýyl Superkubogy gazandy. Şeýlelikde, toparyň gazanan Superkuboklarynyň sany 13-e deň boldy we bu ugurda Niderlandlarda öňdeligi eýeleýär.
“Aýaks” topary bu kubogy 9 gezek, “Feýenoord” bolsa 4 gezek gazandy.
“Bawariýa” 10-njy gezek Germaniýanyň Superkubogyny gazandy
