JEMGYÝET

Aşgabat şäherine täze prokuror bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Öwezmämmet Şyhmämmedowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belledi.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň ozalky prokurory Serdar Mälikgulyýew Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine bellenipdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Batyr Atdaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellenipdi.

Related posts

Arkadag şäheri: döwlet ähmiýetli şäher

Tomaşa merkezlerinde şu hepde

vepa

Dünya Şampiyonası’nda Biletler Satışta

vepa