JEMGYÝET

«Türkmenhowaýollary» agentligi halkara ynsanperwer howa gatnawlaryny utgaşdyrýar

Türkmenistan halkara ýardam etmek ýörelgelerine hem-de hemişelik oňyn Bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, soňky günlerde Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, uçuş ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalary üçin öz howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmagy gyssagly we netijeli üpjün edýär. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.

“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlarynyň Aşgabat halkara howa menziline gonmagy üçin rugsatlar wagtynda we çalt berilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy hem-de beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde degişli işler alnyp barylmagynyň netijesinde türkmen-eýran serhet nokatlaryndan başlap, Aşgabadyň Halkara howa menziline çenli päsgelçiliksiz geçelge üpjün edilýär.

Daşary ýurt döwletleriň ilçihanalary we diplomatik edaralary öz raýatlaryny hem-de goňşy ýurtlaryň raýatlaryny ulag bilen üpjün etmek maksady bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýörite gatnawlary gurnaýarlar. “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan diplomatik wekilhanalara, uçarlaryň ekipažlaryna giň goldaw berilýär we ýolagçylar ýokary derejeli hyzmatlar bilen üpjün edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara kanunçylyga hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny, şeýle hem çylşyrymly halkara ýagdaýlarynda raýdaşlygyny we goldawyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar