JEMGYÝET

Awazada täze kottežler toplumy açylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulanmaga beriljek täze kottežler toplumy barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer B.Atdaýew “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän “Rowaç” kottežler toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmek babatda degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

“Rowaç” kottežler toplumynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlandygy habar berildi.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalarynyň taýýarlan dürli görnüşli tagamlarynyň görkezişini guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz 1-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Rowaç” kottežler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy meýilleşdirilýändigini belledi.

 

Awazada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty geçiriler

 

 

Related posts

Çin’in Basra Körfezine Ulaşmasında Türkmenistan Önemli Güzergâh

vepa

Türkmenistan, Amul-Hazar 2018 rallisine 15 takım ile katılacak

vepa

Türkmenistan’ın Bağımsızlığının 25. Yıldönümü Ankara’da Kutlandı

vepa