Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzda 30 sany iri desganyň, 322 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şol sanda 900 million manada golaý ýokary amatlykly, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi.
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 1 milliard 300 million manatdan gowrak maýa goýumy özleşdirildi.
Göz öňünde tutulan möçberlerde senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki binalar ulanmaga berildi. Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär. Häzirki wagtda umumy bahasy ABŞ-nyň 38 milliard dollaryndan gowrak bolan 2 müň 900 töweregi desga gurulýar.
Gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ähmiýetli orun berilýär.
Ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze Milli maksatnamasy syýasy strategiýa bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine beslenen 2021-nji ýylda meýilleşdirilen 30 desganyň ýerine, umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desganyň ulanmaga berlendigini bellemek ýerlikli bolar. Olaryň hatarynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan senagat, durmuş maksatly hem-de düzümleýin desgalar bar.
“Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy” tassyklanyldy. Şoňa laýyklykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryň möçberi 40 milliard manada golaý bolar. Maksatnamanyň çäklerinde zawodlary we fabrikleri, hassahanalary, saglyk öýlerinidir merkezlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, medeniýet öýlerini, edara ediş merkezini, täze şäherçeleri we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem-de abatlamak göz öňünde tutulýar.
Aral zolagyna ýakyn bolmagy nazarda tutulyp, ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ekologik abadançylyga hem-de ilatyň saglygyny goramak meselesine aýratyn üns berilýär.
Geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda tassyklanan “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynda» anyk çäreler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda üç sany köpugurly hassahananyň, 7 sany suw arassalaýjy desganyň gurluşygy, Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 megawat bolan gaz turbinaly elektrik bekediniň taslamasynyň taýýarlanylmagy we işe girizilmegi bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
