Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Inýasio Kassis Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Bu gutlag hatynda Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyga uly baha berilýändigi bellenilýär.
Gutlag hatynda şeýle diýilýär:
– Şweýsariýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin hoşallyk bildirýärin hem-de şu şanly sene bilen Sizi mähirli gutlaýaryn.
Ýurdumyz biziň öňden gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza, birnäçe halkara maliýe düzümleriniň çäklerindäki umumy bähbitlere, üstünlikli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Bretton-Wud edaralarynda, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynda hem-de Ählumumy ekologiýa gaznasynda ses bermäge bilelikde gatnaşmagymyz biziň hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Bilelikdäki tagallalarymyzyň ýurtlaryň ikisine-de peýda getirjekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbi tutuldy
