SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Eýfel diňi poslaýar

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheriniň esasy nyşany hasaplanýan Eýfel diňi poslaýar. “The Guardian” neşiriniň habaryna görä, tutuş dünýäniň iň köp tomaşa etmäge gelýän desgasynyň çynlakaý dikeldiş işleirne mätäçdigi, onuň meýilleşdirilen kosmetik abatlaýyş işlerine mätäç däldigi bellenildi.

Eýfel diňiniň kosmetik abatlaýyş işini 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Onuň çykdajysy 60 million ýewro hökmünde ksgitlendi.

Ýöne bilermenleriň pikirine görä, desga dolulygyna sökülip, abatlanmaly we boýalmalydyr. Köne boýag bilen boýalsa, diňe poslama güýçlener.

Eýfel diňiniň döredijisi Gustaw Eýfel hem posuň peýda bolmagynyň çynlakaý mesele bolup biljekdigini belläp geçipdir. Ol bu desgany azyndan 7 ýylda bir gezek boýamagyň zerur bolup durjakdygyny mälim edipdir.

– Boýag matel gurnama üçin esasy gorag serişdesidir. Şeýle hem ol desganyň uzak wagtlap gulluk etmegi üçin hem möhümdir – diýip, inžener Gustaw Eýfel belläpdir.

Eýfel diňi 1889-njy ýylda guruldy we ilkibaşda onuň 20 ýyl hyzmat etmegi göz öňünde tutulypdy. Ýöne 133 ýyl geçdi, bu desga entek hem öz hyzmatyny döwam etdirýär we Parižiň nyşany hökmünde dünýäniň çär künjeginden syýahatçylary özüne çekýär. Her ýyl bu ýere azyndan 6 million syýahatçy gelýär.

 

Merkezi Aziýada Bitewi saglyk

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy